Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi
Türkiýäniň milli goranmak ministri Ýaşar Güler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Türkiýäniň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany dostlukly ýurduň milli goranmak ministriniň Aşgabada iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekip, geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň bu ulgamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Goranmak we harby ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Türkmen Watan goragçylarynyň hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýede geçirilýän okuwlara gatnaşýandyklary we ýurduň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda yzygiderli ýagdaýda tejribe alşylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany we myhman bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki doganlyk ýurduň arasynda goranmak ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, sanly tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022