“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Kuala-Lumpur şäheriniň howa menzilinde

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär.

Agentligiň penşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Kuala-Lumpur şäherine ýolagçy howa gatnawlary hepdäniň sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler. 

Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022