Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy

THP
Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy
Oba hojalygyny depginli ösdürmek ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy.

Bu işler bilen bir hatarda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek we ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini we bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenmäge mynasypdygyny aýtdy.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022