Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizildi. Kodekse girizilen üýtgeşme barada «Türkmenistan» gazetiň 18-nji iýuldaky sanynda çap edildi.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 8-nji maddasynyň üçünji bölüminde şeýle görkezilýär:
«Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar.
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmek sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilner. Pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar».
Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi