2024: Türkmen telekeçisi jemi 25 tonna golaý bal almagy meýilleşdirýär

"Rysgal" gazeti
2024: Türkmen telekeçisi jemi 25 tonna golaý bal almagy meýilleşdirýär
Ary balynyň ýygnalýan pursady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Islam Ýakubow 2011-nji ýyldan bäri balary maşgalalaryny saklap gelýär. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky bu önümçilige onuň maşgalasy hem işjeň gatnaşyp, bu ýerde bar bolan 1,5 müň balary maşgalalaryna göwnejaý ideg edýärler. Olardan ýylyň-ýylyna ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa ary balynyň uly möçberi alynýar.

Maglumatlara görä, ary balynyň saglyga peýdaly täsiri düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümligiň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Ýokumly maddalar bolan efir ýagyny, karbonil birleşmelerini, spirti we dürli turşulyklary özünde jemleýän ary balynyň saklanyş düzgüni bozulanda, ol hilini we tagamyny ýitirip bilýär. Şunuň bilen gyzyklanyp, hususy pudagyň wekillerinden ary balyny öndürmek bilen meşgullanýan telekeçi Islam Ýakubowa ýüz tutduk, onuň alyp barýan işleri bilen tanşyp, gazetiň okyjylarynyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

— Şu möwsümde 4-5 tonnadan gowrak ary balyny ýygnap aldyk, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň häzirki günlerinde bu işi gyzgalaňly alyp barýarys. Taýýar önümlerimizi “Genç” haryt nyşany bilen dürli ölçegli gelşikli gaplara gaplap, ak bazarlara ugradýarys. Belläsim gelýän zat, arylarymyzyň idedilýän ýerleri, şire ýygnaýan dürli gülleri bilen baglylykda, jemi 10 görnüşli ary balyny öndürýäris. Täze önümleriň önümçiligini ýola goýmak babatda degişli işleri alyp barýarys. Ol önümçilikleriň hatarynda propolisi, ary süýdüni, pergany we dürli görnüşli hozly ballary aýdyp bilerin. Nesip bolsa, ýakyn günlerde bu önümleri içerki sarp edijilerimize ýetirip, olary begendireris. Şeýle-de şu ýyl boýunça jemi 23 — 25 tonna bal almagy meýilleşdirýäris — diýip, telekeçi Islam Ýakubow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Telekeçi tarapyndan ary bal önümçiligi üstünlikli ýola goýlupdyr. Muny kärhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde ýuwulýan, önüm gaplanylýan bölümleriň, taýýar önümleriň ammarynyň hem-de barlaghananyň we goşmaça bölümçeleriň hereket etmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

 

Çeşme: “Rysgal” gazetiniň 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky sany

2022
ENG TM РУС