TDHÇMB-da sişenbe güni suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi

TDHÇMB
TDHÇMB-da sişenbe güni suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Sişenbe güni, 6-njy awgustda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri "Türkmengaz" Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma ministrliginden arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 950 000,00 manada we 4 169 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

2022