Ýanwar-Iýul: “Lebapgazçykaryş” tebigy gazyň 6 milliard kub metre golaýyny öndürdi

"Türkmen gündogary" gazeti
Ýanwar-Iýul: “Lebapgazçykaryş” tebigy gazyň 6 milliard kub metre golaýyny öndürdi
Gazçy hünärmenleriniň alyp barýan işinden bir pursat

Welaýatymyzyň agzybir zähmetkeşleri tamamlanýan her bir güni, her bir aýy uly üstünliklere besleýärler. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine saldamly goşant goşulýar. Şanly ýyly şowly jemläp, at-abraý eýeleri bolmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýänleriň hatarynda “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň ruhubelent we başarjaň hünärmenleri hem bar. Olaryň tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalary ýerine düşýär.

Tebigy gazyň bol gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu gymmatly ýangyjyň öndürilişi ýyl saýyn artdyrylýar. Lebaply baýlyk çykaryjylar yhlasly we maksadam okgunly zähmet çekip, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda “mawy ýangyjyň” 6 milliard kub metre golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldiler.

— Şu ýylyň geçen aýy bolsa müdirligimiziň agzybir işgärleri üçin has şowly boldy. Olar geçen aýda tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Şonda 840,1 million kub metrden gowrak tebigy gaz öndürildi. Munuň özi bu gymmatly önümiň 109 million kub metre golaýynyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär. Şeýle gowy görkezijiler müdirligimiz boýunça ýyllyk meýilnamanyň hem abraý bilen ýerine ýetirilmegi üçin pugta esas döredýär — diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow ynam bilen aýdýar.

Gürrüňdeşimiz müdirlikde gaz kondensatyny öndürmekde hem gowy netijeleriň gazanylýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Onuň habar bermegine görä, şanly ýylyň tamamlanan ýedi aýynda bu çig malyň 21332 tonnasyny öndürmek bellenilipdir. Geçen aýlarda öndürilen önüm bolsa 21946 tonna barabar bolupdyr. Bu önümiň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin zerur çig mal bolup durýandygyny, ony çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna içerki we daşarky bazarlarda geçginli nebit önümleriň öndürilýändigini hem ýokarda beýan edilenleriň üstüne goşasymyz gelýär.

Tebigy gaz diňe bir bagtyýar ildeşlerimiziň ojaklarynda alawlaman, ol elektrik energiýasyny öndürmekde hem esasy ýangyç bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň çözgütlerine laýyklykda ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda kämil tehnologiýalara daýanýan kuwwatly elektrik stansiýalary guruldy we üstünlikli işe girizildi. Şeýle il-ýurt bähbitli işleri peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etdirýär. Şonuň netijesinde bu döwrebap desgalaryň kuwwatlyklary barha artdyrylýar. “Lebap”, “Watan” döwlet elektrik stansiýalarynda, Seýdiniň ýylylyk energiýa merkezinde ýurdumyzyň ösüşlerinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän elektrik energiýasynyň uly möçberleri öndürilýär. Onuň bir bölegi bolsa sebitiň ýurtlaryna üznüksiz ugradylýar. Elektrik energiýasyny öndürýän häzirki zaman desgalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen çekilen gaz geçirijileriň we gurlan gaz paýlaýjylaryň sazlaşykly işledilmegine gündelik gözegçilik ýola goýulýar. Bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen tebigy gazy ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine, ilatyň abadan ýaşaýşyna hyzmat edýär.

 

Çeşme: “Türkmen gündogary” gazetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky sany

2022
ENG TM РУС