“Orazly ýalkym” bally patraklary we guradylan çörek bölejiklerini öndürip başlady

"Rysgal" gazeti
“Orazly ýalkym” bally patraklary we guradylan çörek bölejiklerini öndürip başlady
"Orazly ýalkym" hususy kärhanasy TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergide, 2023-nji ýylyň 17-nji mart, Aşgabat, Türkmenistan

Mary şäherinde ýerleşýän “Orazly ýalkym” hususy kärhanasynyň agzybir işgärleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döredijilikli zähmet çekýärler. Olar hemişe täzelikleriň gözleginde bolup, täze-täze önümleri çykarmak arkaly önümçilik gerimini giňeltmek ugrunda tutanýerli iş alyp barýarlar. Muňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhana tarapyndan ýakynda ýola goýlan önümçilikler aýdyň şaýatlyk edýär.

Daşary döwletleriň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde işleri göwnejaý ýola goýmaga we alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, kärhana tarapyndan täze iki önümiň — bally patraklaryň we guradylan çörek bölejikleriniň önümçiligi ýokary depginde ýola goýuldy. “Hoşwagt” haryt nyşanly bally patraklar şekeriň goýy şiresine batyrylan tüwüler bolup, olaryň tagamlylygy önüme islegiň tiz wagtda ýokarlanmagyna ýardam etdi. Guradylan çörek bölejikleri hem “Hoşwagt”, “Mariýa” haryt nyşanlary bilen müşderilere hödürlenip, olar üç görnüşdedir. Tebigy gyzyl burçly, sarymsakly, pomidorly we gök otly guradylan çörek bölejikleri içerki sarp edijileriň hyrydarlygyna mynasyp bolýar. Bu bolsa ol önümleriň öndüriliş derejesini artdyrmaga şert döredýär.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda esaslandyrylan hususy kärhana ilkibaşda önümçiligini margarin we spred ýaglaryny öndürmekden başlady. Häzirki wagtda-da bu ýaglar uly üstünlik bilen öndürilip, olar “Sado”, “Mariýa”, “Tamal” haryt nyşanlary bilen müşderilere ýetirilýär. Çünki ýaşlaryň 200-den gowragyny özünde jemleýän kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýaglaryň her günde 36 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde margarin we spred ýaglarynyň ençeme görnüşi öndürilip, geljekde olaryň görnüş sanyny has-da artdyrmak maksat edilip goýlupdyr. Bu ýaglar, esasan, konditer önümçiliginde giňden ulanylyp, şunuň bilen birlikde, olar öýde taýýarlanylýan naharlaryň tagamlylygyny artdyrmakda hem örän gymmatlydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda nokatlaryna ýollanylýan önümler isleg bilen satyn alynýar.

“Orazly ýalkym” hususy kärhanasy barada gürrüň edilende, köpugurly kärhananyň ýene bir iş ugry — stretçplýonkalaryň önümçiligi hakynda gürrüň etmek gerek. Sebäbi bu ýerde ornaşdyrylan enjamlar olaryň sagatda 700 kilogram möçberini öndürmäge ýardam berýär. Şu günler doly güýjünde diýen ýaly işledilýän bu önümçilikden alynýan önümler diýseň geçginlidir. Degişli hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, stretç-plýonkalar süýnýän plastik düzümli bolup, olar gaba salnan dürli görnüşli iýmit önümlerini örtmekde, mundan başga-da, uly ýükleri pytramaz ýaly daşlamakda gereklidir.

 

Çeşme: “Rysgal” gazetiniň 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky sany

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС