Türkmenistanda 1,028 milliard manatlyk senagat we gurluşyk önümleri öndürildi

TDH
Türkmenistanda 1,028 milliard manatlyk senagat we gurluşyk önümleri öndürildi
Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk işlerinden bir pursat (Surat: BT)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow 30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gurluşyk-senagat toplumy tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim boldy. Şu ýylyň ýedi aýynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1 milliard 28 million manada deň boldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 106,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 126,8 göterim berjaý edildi.

Ýanwar — iýul aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 110,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlaryny döretmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022