“ÇaparPay” Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdini hödürleýär

BT
“ÇaparPay” Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdini hödürleýär
Müşderiniň “ÇaparPay” mobil goşundysyny ulanýan pursady (Surat: BT)

“ÇaparPay” mobil goşundysy häzirki wagtda Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdine öwrülýär.

“ÇaparPay” goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar ýol hereketiniň düzgün bozulmalarynyň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini, “Belet” platformasynyň hasabyny doldurmak, şeýle-de “Älem TV” teleýaýlym hyzmatyna ýazylmak üçin tölegleri töläp bilerler. Bu amallaryň hemmesi birnäçe düwmä basmak arkaly ýerine ýetirilip, nobata durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygyny aradan aýyrýar.

Hususan-da, goşundynyň Türkmenistanda içerki uçuşlar üçin awiapetekleri satyn almak funksiýasy aýratyn ähmiýetlidir. Bu mümkinçilik ýurduň içerki gatnawlaryny meýilleşdirmegi has amatly edýär we çaltlaşdyrýar.

“ÇaparPay” goşundysyny nädip ulanyp başlamaly?

Goşundyny Google Play ýa-da App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyň.

Telefon belgiňizi ýazmak arkaly hasaba giriň.

Bank kartyňyzyň hasabyny dolduryň we töleg geçirip başlaň.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

2022