Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadynda Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy.
Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Owganystanyň iň ýakyn goňşy döwleti bolmak bilen, ýurduň syýasy-ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär hem-de yzygiderli kömek-goldawlaryny berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan asylly işleri üçin hoşallyk beýan edildi.
Myhman owgan we türkmen halklarynyň gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini, onuň häzirki döwürde many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsiniň açylmagynyň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine girişilmeginiň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Sanabar aralygynda demir ýoluň gurluşygyna başlanylmagynyň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki işe girizilýän hem-de düýbi tutulýan desgalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açýandygyny aýtdy.
Durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletlerdir halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant bolar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ykdysady, syýasy-diplomatik goldaw bermegi maksat edinýändigi bellenildi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara ugrunyň esasyny düzýär. Ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, köpugurly hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär.
Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund birek-birege jan saglyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Çeşme: TDH