Murgap jülgesinde ownuk şahly mallaryň 5,5 milliona golaýy idedilýär

BT
Murgap jülgesinde ownuk şahly mallaryň 5,5 milliona golaýy idedilýär
Öri meýdanda bakylýan mallar, Türkmenistan

Murgap jülgesinde ownuk şahly mallaryň 5,5 milliona golaýy idedilýär. Idedilýän goýun-geçileriň 573 müňe golaýy oba hojalyk kärhanalaryna, 4,9 milliondan gowragy bolsa hususy hojalyklara degişlidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Bar bolan öri we oba hojalyk mümkinçiliklerini hasaba alanyňda mallaryň baş sanynyň agramly bölegi esasan bäş etrapda idedilýär. Bu etraplaryň her birinde goýunlaryň baş sany 550 müňden geçýär. Maldarçylyk pudagynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde aýratyn tapawutlanýan Tagtabazar etrabynyň öri meýdanlarynda 1,4 milliondan gowrak goýun-geçi idedilýär.

Häzirki wagtda Murgap jülgesiniň goýundarçylyk kärhanalarynda mallaryň dok gyşladylmagy üçin ot-iýmleri taýýarlamak işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Howa şertlerini hasaba almak bilen bu ýerde ot-iýmleri taýýarlamak möwsümi oktýabryň ahyryna we noýabryň başlaryna çenli dowam eder.

Ot-iýmleri taýýarlamak işi sebitiň dürli maldarçylyk hojalyklarynda işleýän möwsümleýin göçme toparlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022