“Gündogar akymy” Ahal welaýatynyň meýdanlaryndan soýanyň bol hasylyny aldy

BT
“Gündogar akymy” Ahal welaýatynyň meýdanlaryndan soýanyň bol hasylyny aldy
Türkmenistanda soýa hasylynyň ýygnalýan pursaty

“Göndogar akymy” hojalyk jemgyýeti bugdaýyň we soýanyň bol hasylyny toplap, şu ýylky möwsümi üstünlikli tamamlady. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýew “Biznes Türkmenistan” internet-neşirine habar berdi. 

Şu ýylyň ýazynda “Gündogar akymy” Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 350 gektar ýere soýanyň “Arysoý”, “Superbi” we “Atlas 3616” görnüşlerini ekip, ýokary hasyl almak üçin agrotehniki çäreleri geçirdi. Döwlet goldawy hökmünde peýdalanylan häzirki zaman bugdaý ýygyjy kombaýnlar hasyl ýygmak möwsümine öz wagtynda we netijeli girişmäge ýardam etdi. Ýokary hilli tohumlaryň, endigan suwaryşyň peýdalanylmagy we keşara işleriniň ünsli geçirilmegi ýokary görkezijileri gazanmagy üpjün etdi, güýzde alnyp barlan işler bolsa topragy azot we beýleki mineral maddalar bilen baýlaşdyrmaga taýýarlady. 

50 göterimi belokdan, 27 göterimi ýaglardan we 2 göterime golaýy uglewodlardan ybarat bolan soýa azyk senagatynda möhüm ähmiýetli ekindir. Oňa ösümlik ýaglarynyň önümçiliginde uly isleg bildirilip, sabyn we reňk senagatynda giňden ulanylýar. Soýa ýagy we onuň sykylan galyndysy guşçulyk üçin iýmler taýýarlanylanda hem işjeň peýdalanylýar. Munuň özi jüýjeleriň tiz boý almagyna ýardam edýär. Soýanyň ýokary iýmitlik gymmatynyň bolmagy, ony azyk senagatynda gymmatly çig mala öwürýär. Ondan ýag, un, margarin, souslar, süýjülikler we kofe garyndysy öndürilýär. 

“Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti geljekde ekin meýdanlaryny giňeltmegi, täze hasyl görnüşlerini ornaşdyrmagy we bu babatda beýleki hususy daýhan hojalyklary bilen tejribelerini paýlaşmagy meýilleşdirýär. Munuň özi bu ekiniň Türkmenistanda ekilişini giňeltmegi şertlendirer. 

2022