“Türkmenenergo” gaz turbina desgalary döwrebaplaşdyrmakda “Sumitomo Corporation” bilen şertnama baglaşar

BT
“Türkmenenergo” gaz turbina desgalary döwrebaplaşdyrmakda “Sumitomo Corporation” bilen şertnama baglaşar
Lebap döwlet elektrik stansiýasy, Lebap welaýaty, Türkmenistan

Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Bu resminama Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek hem-de zerur bolan abatlaýyş-tehniki işleri geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022