Türkmenistanda iki sany täze elektrik bekedi ulanmaga berildi

BT
Türkmenistanda iki sany täze elektrik bekedi ulanmaga berildi
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda “Etrek” elektrik bekediniň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 3-nji noýabry

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününde iki sany täze elektrik bekedi ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan “Etrek” elektrik bekedi, şeýle hem Aşgabat şäherinde güýjenmesi 110 kilowat bolan “Bagyr” elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Desgalaryň ikisi hem dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

Energetika ministrliginiň wekilleriniň bellemeklerine görä, täze beketler ýurduň energetika ulgamyny berkitmek bilen onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrar. Desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. 

Habar berlişine görä, bu desgalar diňe bir içerki islegleri doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilişini artdyrmaga hem mümkinçilik berer. 

“Etrek” elektrik bekediniň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat we etrap häkimlikleriniň, elektrik energetika pudagynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. 

Täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi Türkmenistanyň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň möhüm bölegidir. 

2022