Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygy Nýu-Ýork şäherinde Bilelikdäki Beýannama gol çekmek bilen diplomatik gatnaşyklary resmi taýdan ýola goýdular. Taryhy ähmiýetli bu dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Degişli resminama Türkmenistanyň we Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri Aksoltan Ataýewa bilen Kristian Wenaweser gol çekdiler.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Taraplar BMG-niň çäklerindäki bilelikdäki işleriň geljegine garap, parahatçylygy pugtalandyrmagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, halkara sport gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine hem aýratyn üns berdiler.