“Energy China” Türkmenistanda “ýaşyl” energetika ulgamynda tender utdy

BT
“Energy China” Türkmenistanda “ýaşyl” energetika ulgamynda tender utdy
“Energy China” korporasiýasynyň diwarlygy “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergide, 2024-nji ýylyň 3 – 5-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Hytaýyň Energetika-inženerçilik korporasiýasy (Energy China) Türkmenistanda “ýaşyl” energetika ulgamyna degişli halkara tenderi utdy diýip, kompaniýanyň wekili Song Tengçao Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergide mälim etdi.

S.Tengçaonyň sözlerine görä, korporasiýanyň ýakyn wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlyga başlajakdygy bellenilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

“Siziň ýurduňyz gurluşyk pudagynyň çalt depginde ösdürilýändigini görkezip gelýär. Biz synagdan geçen hytaý tehnologiýalaryny we tejribelerini ulanmak arkaly Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň az uglerodly energetika geçişine we durnukly ösüşine ýardam ederis” diýip, S.Tangçao sergide aýtdy. 

“Fortune 500” neşiriniň sanawyna girýän, elektrik beketleriň gurluşygyna ýöriteleşen kompaniýa Merkezi Aziýada öz eýeleýän ornuny işjeň giňeldýär. Ol häzirki wagtda Gazagystanda we Özbegistanda işleri alyp barýar. “Energy China” energetika desgalarynyň gurluşygynda, şol sanda Gün energetikasynda, utgaşykly dolanyşykda işleýän gaz elektrik stansiýalarynda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär. 

2011-nji ýylda döredilen “China Energy Engineering Corporation” elektrik beketleriň gurluşygyna we olaryň enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen hytaý gurluşyk we inženerçilik kompaniýasydyr. 

2022