Türkmenistan Abu-Dabidäki “ADIPEC-2024” sergisinde iri maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrdy

BT
Türkmenistan Abu-Dabidäki “ADIPEC-2024” sergisinde iri maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrdy
“ADIPEC-2024” halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 4 – 7-nji noýabry, Abu-Dabi, BAE

Türkmenistan Abu-Dabi şäherinde geçirilen, iri halkara energetika kompaniýalarynyň ünsüni çeken abraýly “ADIPEC-2024” sergisinde nebit-gaz ulgamynda iri maýa goýum taslamalary hem-de gazananlary bilen tanyşdyrdy. 
Wirtual tehnologiýalar we nebit-gaz ýataklarynyň interaktiw şekilleri ornaşdyrylan Türkmenistanyň milli diwarlygyna pudagyň müňlerçe wekilleri baryp gördüler. Munuň özi Merkezi Aziýa sebitiniň energetika mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň uludygyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmen wekiliýetiniň agzalary “Dragon Oil”, “ADNOC”, “Halliburton” we “Petronas” kompaniýalary öz içine alýan dünýäniň öňdebaryjy düzümleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň çäklerinde taraplar tehnologiýalary alyşmagyň, maýa goýum we hyzmatdaşlyk taslamalarynyň geljegini, şol sanda sebit hem-de halkara energetika başlangyçlaryna gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdylar. 

Türkmen wekiliýeti maslahatyň maksatnamalaýyn bölümlerine hem işjeň gatnaşyp, uglerodlary azaltmak, emeli aňyň orny we ulag ulgamynyň geljegi ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Türkmen tebigy gazyny eksport etmek boýunça taslamalara we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. 

4 – 7-nji noýabrda geçirilen “ADIPEC-2024” forumy her ýyl energetika pudagynyň müňlerçe bilermenlerini we wekillerini bir ýere jemleýän dünýäniň iri nebit-gaz sergileriniň biridir. 

“ADIPEC-2024” sergisi tamamlan badyna Abu-Dabi şäherinde döwlet hem-de işewürlik edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady.

 

2022