“Alstom Transport” halkara kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Gruziýa boýunça dolandyryjy direktory Elşan Zeýnalow çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly halkara forumda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň okgunly ösüş depgini şahamçany açmak babatda çözgüdiň kabul edilmeginde esasy şert boldy. Täze şahamça kompaniýanyň sebitiň möhüm bazarlarynda ornuny berkitmäge ýardam eder.
E.Zeýnalowyň bellemegine görä, şahamça ýurduň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda goşant goşmaga, logistika işini ösdürmäge we dünýä derejesinde energiýa netijeli çözgütleri döretmäge mümkinçilik berer.
“Alstom” ulag çözgütleri işläp taýýarlamakda we öndürmekde dünýäde öňdebaryjy fransuz kompaniýasydyr. Kompaniýa otlulary, metrolary, tramwaýlary, lokomotiw düzümleri öndürmäge hem-de duýduryş we energiýa üpjünçilik ulgamlary ornaşdyrmaga ýöriteleşip, inowasion tehnologiýalary, şol sanda wodorod bilen işleýän otlulary we awtomatlaşdyrmak ulgamlaryny işjeň ösdürýär. Ol durnukly ösüş ýörelgelerini goldamak bilen 60-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан