BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) balykçylyk hojalyklary üçin iýmleri taýýarlmagyň, öndürmegiň we hojalyklarda saklamagyň düzgünlerine bagyşlap Aşgabatda geçiren maslahaty pudagyň bilermenlerini we wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre 19-20-nji dekabrda FAO-nyň “TCP/TUK/3902” belgili ýa-da “Balykçylyk hojalyklary üçin iýmleriň önümçiligini we satuwyny hem-de suw jandarlarynyň saglygyna gözegçilik edilişiniň netijeliligini ösdürmek” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet weterinar gullugy habar berýär.
Gatnaşyjylar üçin okuwlary FAO-nyň balyk iýmlerini işläp taýýarlamak we öndürmek boýunça halkara bilermeni Tomas Şipton alyp bardy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem-de balyk iýmlerini öndürýän milli öndürijiler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinar gullugynyň halkara bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow öz çykyşynda balykçylyk hojalygyny ösdürmekde şu gezekki okuw maslahatynyň ähmiýetini belledi. Ol şeýle hem iýmleriň taýýarlanylyşynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we olaryň balykçylyk hojalyklarynyň önümçiligine hem-de ekologiýa durnuklylygyna ýetirýän täsiriniň ähmiýetini belledi.
Okuw maslahatynyň maksatnamasy balyklary ösdürip ýetişdirijileriň we iým öndürijileriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ösdürilip ýetişdirilýän görnüşleriň zerurlyklaryna gabat gelýän ykdysady taýdan netijeli we ýokary hilli balyk iýmlerini işläp taýýarlamaga we balyk hojalyklaryny iým bilen üpjün edilişiniň usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Okuw maslahaty ýerli çig maldan has elýeterli we ýokary hilli balyk iýminiň öndürilişini öwrenmegi maksat edip goýdy. Munuň Türkmenistanyň balykçylyk pudagyny ösdürmekde oňyn netijeleri berjekdigine garaşylýar.