Murgap jülgesinde 5,3 milliondan gowrak goýun-geçi idedilýär

BT
Murgap jülgesinde 5,3 milliondan gowrak goýun-geçi idedilýär
Türkmen alabaýy ownuk şahly mallaryň sürüsini goraýar, Türkmenistan

Mary welaýatynyň Murgap jülgesindäki gyşky öri meýdanlarda ownuk şahly mallaryň 5,3 million başy ösdürilip ýetişdirilýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
 
Sebitiň maldarçylyk pudagy welaýatyň ähli etraplaryny öz içine alyp, işjeň ösmegini dowam edýär. Öri meýdanlaryň we ekerançylyk ýerleriň hasabyna durnukly ot-iým binýady döredildi. Çopanlaryň esasy ünsi ot-iým bilen ýokary hilli üpjün etmäge we mallaryň sagdyn gyşladylmagyna gönügendir. Bu olaryň köpýyllyk tejribesiniň hasabyna hasyl bolýar.
 
Goýun-geçileriň sany boýunça sebitde öňdebaryjy Tagtabazar etrabyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ownuk mallaryň sany 1,3 milliondan geçýär. Gyşladyljak mallar gurgun ýagdaýda bolup, olar üçin zerur bolan ätiýaçlyk ot-iýmleriň ählisi eýýäm güýz möwsüminde taýýar edildi.
 
Dekabr aýynyň başyna çenli ot-iýmleri, şol sanda üwelen we garylan iýmleri we bedäni taýýarlamak işi tamamlandy. Olary taýýarlamak işiniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylmagy arkaly geçirilmegi zerur bolan iým möçberleriniň, şol sanda bedäniň ýarysyna golaýyny ýygnamaga mümkinçilik berdi.
 
Mallaryň baş sanyny artdyrmaga ýykgyn edýän çopanlar alnan hasylyň paýlanylmagy we öri meýdanlaryndan mugt peýdalanylmagy babatda döwlet ýeňilliklerini alýarlar. Mart aýynda başlanýan ýazky owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk möhüm wezipe bolmagynda galýar. Şunda mallary sadyn we gurgun saklamak ileri tutulýan ugurdyr.

2022