“Gurtly” ýaşaýyş tolumynda ýerleşýän “Erjel Begenç” hususy kärhanasy emeli mermer, granit we gurluşyk-beton serişdelerini öndürmekde iş alyp barýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Ýanýoda plitalary, bord daşlary, bezeg düşeme serişdeleri kompaniýanyň öndürýän önümleriniň hataryndadyr. Bezeg serişdeleri köp dürli görnüşleri bilen tapawutlanyp, hil we bezeg babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär.
Kompaniýanyň önümeri ýylyň islendik wagtynda ýokar islege eýedir. Gurluşyk işleriniň azalýan wagty bolan Gyş paslynda hem kärhananyň Aşgabat – Gökdepe ýolunyň ugrunda ýerleşýän dükany alyjylaryň arasynda belli ýer bolmagyna galýar. Önümleriň ýokary hili we gözellik taýdan özüne çekijiligi hususy gurluşykçylaryň, şeýle hem iri gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda kärhananyň giňden tanalmagyny üpjün etdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Baýrammyrat Muhammetöwezow önümleriň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, 50-60-dan gowrak kärhananyň iş alyp barýan bu pudagynda bar bolan ýokary bäsdeşlik tehnologiýalaryň ösdürilmegine, önümçiligiň hilini gowulandyrmaga we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga itergi berýär.
Hususy pudagyň ösüşi diňe bir gurluşyk ulgamynda däl, eýsem, oba hojalygynda hem aýratyn göze ilýär. Ekerançylar bazar iselglerini göz öňünde tutmak we iş usulyýetlerini kämilleşdirmek bilen innowasiýalary işjeň ornaşdyrýarlar. Akdaşaýakly Muhammetmyrat Çaryýew uly isleg bildirilýän ýyladyşhana ekinlerini, şol sanda daş aralyga äkidilende hem terligini uzak wagtlap saklaýan Türkiýeden getirilen “Seçil” pomidoryny üstünlikli ösdürip ýetişdirýär.
“Erjel Begenç” kompaniýasynyň we daýhan hojalyklarynyň nusgalyk işleri işjeň ösýän we ilatyň ýokary hilli önümlere hem-de hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrýan Türkmenistanyň hususy pudagynyň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr.