Türkmenistanda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibine üýtgetme girizildi

BT
Türkmenistanda döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibine üýtgetme girizildi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ayauk.gov.tm)

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Döwlet emläginiň kärendesine, mugt peýdalanmaga (ssuda) berilmeginiň şertnamalaryny bellige almagyň Tertibine üýgetme girizmek barada buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň habar bermegine görä, bu resminama 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ministrlik tarapyndan resmi bellige alyndy.

Täzelenen Tertibe laýyklykda, baglaşylan kärende şertnamalary, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, olaryň möhletiniň uzaldylmagy baradaky ylalaşyklary bellige almak bilen bagly hyzmat tölegli esasda amala aşyrylýar. Hyzmatyň tölegi kärendä alyjy tarapyndan tölenilýär, muňa döwlete degişli edara-kärhanalar degişli däldir.

Bu üýtgetme döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we açyklyk ýörelgelerine eýermäge gönükdirilendir.

Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasaryna tabşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022