TDHÇMB

Türkmenistan Kuala-Lumpurdaky “TEIF 2025” maslahatynda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar

BT
Türkmenistan Kuala-Lumpurdaky “TEIF 2025” maslahatynda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar
Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahat, 2024-nji ýylyň 24-nji apreli, Pariž, Fransiýa (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

23 – 24-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maslahat (TEIF 2025) geçiriler. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan möhüm ähmiýetli pudaklaryna düýpli maýa goýumlary çekmäge amatly mümkinçiligi döreder diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýetiniň goldamagynda bu çäräni guraýjylar bolup çykyş edýärler. Onda energetika, ulag, oba hojalygy we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berler.

Türkmenistanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmegi we durnukly ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolar. Metan zyňyndylaryny azaltmak, alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanylyşyny giňeltmek, sebitiň energetika howpsuzlygyny berkitmäge gönükdirilen gaz pudagyny, şol sanda iri “Galkynyş” gaz känini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny ösdürmek meseleleri pikir alyşmalaryň özeninde bolar. Şeýle hem gazhimiýa senagatynyň we Hazarýaka sebitinde uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine garamak meýilleşdirilýär.

Maslahata “OPEK”, “IRENA” guramalarynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa Ösüş bankynyň we “BNP Paribas” bankynyň hem-de “Petronas”, “TotalEnergies”, “ExxonMobil”, “ADNOC” ýaly iri energetika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Bilermenler energetika bazarynyň geljegini, döwrebap tehnologiýalary we halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“Durnukly, okgunly gülläp ösýän ykdysadyýete maýa goýmak” şygary bilen geçýän “TEIF 2025” işewürlik duşuşyklary, panel maslahatlaşmalary geçirmek we maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolar. Bu maslahat Pariž şäherinde geçirilen we möhüm ylalaşyklar baglaşylan “TEIF 2024” forumynyň özboluşly dowamy bolar.

Goşmaça maglumaty çäräniň resmi web-saýtyndan we info@teif-turkmenistan.com elektron salgysyna ýüz tutmak arkaly alyp bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 2, 2025