Türkmenistan tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berýär

BT
Türkmenistan tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berýär
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima (Surat: Watan habarlary)

Türkmenistan tebigy gazyň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ony gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen bolan duşuşygynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berlişine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ozaldan bäri ýapon kompaniýalary bilen iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtap, öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Akihisa Nagaşima öz gezeginde ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Ýaponiýada geçiriljek Bütindünýä “EKSPO-2025” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy hem-de medeni gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022