Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde geçirilen “Sebit hyzmatdaşlygy babatda ilçileriň dialogy” atly “tegelek stol” maslahatynda öz ýurdunyň energetika başlangyçlarynyň strategik ähmiýete eýedigini belledi.
Hususan-da, diplomat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we Transadriatik gaz geçirijisi (TAP) ýaly iri taslamalara ünsi çekdi diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.
A.Möwlamow TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat-Hyrat böleginiň gurluşygynyň sebitiň energetika düzümlerini ösdürmekde möhüm tapgyrdygyny belledi. Onuň bellemegine görä, bu taslamalar diňe bir energetika howpsuzlygynyň kämilleşdirilmegine däl, eýsem, ykdysady ösüşe itergi bermäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegine şertleri döredýär.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň goşýan goşandy bellenildi.
Çärä gatnaşyjylar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, energetika hyzmatdaşlygy berkitmegiň, medeni diplomatiýany ösdürmegiň we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Sebit hyzmatdaşlygy babatda ilçileriň dialogy” atly “tegelek stol” maslahaty Yslamabat sebit barlaglary instituty (IRSI) tarapyndan guraldy. Oňa şeýle hem senator Muşahid Huseýn, IRSI-niň ýolbaşçysy Jafar Salim, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ilçileri gatnaşdylar.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан