TDHÇMB

Türkmenistan bilen Ýaponiýa iri nebithimiýa we energetika taslamalaryny durmuşa geçirýärler

BT
Türkmenistan bilen Ýaponiýa iri nebithimiýa we energetika taslamalaryny durmuşa geçirýärler
Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Nobumisa Haýaşi bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy fewraly, Tokio, Ýaponiýa (Surat: mfa.gov.tm)

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Nobumisa Haýaşi bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar nebitgaz, energetika we beýleki ulgamlarda ýakyn wagtda Türkmenistanda durmuşa geçiriljek iri taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy fewralynda Tokio şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda şeýle hem maliýe-ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna hem-de Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde ýapon tehnologiýalarynyň eýeleýän ornuna garaldy.

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy fewraly, Tokio, Ýaponiýa (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen hem duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endo bilen bolan duşuşykda söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryna hem-de Osakada geçiriljek “EKSPO-2025” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmak, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününi guramak meselelerine garadylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzlary Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) başlygy Asuo Kuroda bilen hem gepleşikleri geçirdiler.

Mart 25, 2025