Türkmenistan bilen Türkiýe nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça çäreleri kesgitlediler

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça çäreleri kesgitlediler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 24-25-nji fewraly, Ankara, Türkiýe (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistan bilen Türkiýe nebitgaz pudagynda şu ýylda ýerine ýetirmeli bilelikdäki çäreleri kesgitlediler. Bu barada Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň amala aşyran saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň barşynda mälim edildi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz başlyklyk etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda deňhuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygynyň ösüş depginine we energetika, söwda, maýa goýum, ulag-logistika, şähergurluşygy hem-de oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Ylym, bilim we medeni alyşmalara degişli meseleler bilen bir hatarda, taraplar saglygy goraýyş, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekilip, onda Türkmenistanda we Türkiýede geçiriljek ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki çäreleriň çäklerinde gepleşikleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi.

Saparyň dowamynda Nökerguly Atagulyýewiň we Jewdet Ýylmazyň ikiçäk duşuşygy hem geçirilip, onda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

2022