Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän “Galkynan ykbal” hususy kärhanasy importuň ornuny tutýan “Ganat” we “Elteks” atly boýaglaryň hem-de “Erkfiks” atly ýelim goşundysynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Azamat Matrasulowyň ýolbaşçylyk edýän kärhanasy ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalar üçin gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşendir.
Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kärhana ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürýär. Boýaglar we ýelim goşundylary Türkmenistanyň ýokary döwlet standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan degişli güwänamalara eýedir.
Kärhananyň önümleri diňe bir Daşoguz welaýatynda däl, eýsem, ýurduň beýleki sebitlerinde hem uly islege eýe bolup, iri möçberdäki tapgyrlarda ähli ýerlere iberilýär. Kärhana ýerli önümler satylýan “Hilkent” gurluşyk harytlary dükanyny hem dolandyrýar.