Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Rahat Seýliýewiň ýolbaşçylygyndaky “Türkmençarwa” hususy kärhanasy “Gubadag” haryt nyşany bilen ekologiýa taýdan arassa gowaça çigidinden alnan ýagy öndürýär.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Bereket daýhan birleşiginiň senagat zolagynda ýerleşýän kärhana häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Ýokary hili bilen tapwutlanýan, amatly we gelşikli gaplanan önümler sarp edijileriň arasynda ýokary islege eýedir.
Mundan başga-da, gowaça çigidiniň gaýtadan işlenilmegi mallar üçin iým garyndylaryny öndürmekde peýdalanylýan ugurdaş önümleri almaga mümkinçilik berýär. Munuň özi önümçiligi has netijeli we galyndysyz ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
2023-nji ýylda kärhana ýyllyk möçberi 300 tonna deň bolan täze önümçilik desgasyny işe girizip, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrdy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан