“Ýedidogan nur” kompaniýasy 750-den gowrak görnüşli önümleri, şol sanda çörek, şokolad, konditer, ýeňiljek iýmitler, ürgün görnüşli önümler, azyk we senagat harytlary üçin gaplary öndürýär hem-de 100-den gowrak kärhananyň buýurmalaryny ýerine ýetirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Kompaniýa çeýe polipropilen gaplaryň gapaklaryny seýrek gabat gelýän aýlawly nagyşlap bermek işine ýöriteleşendir. Aýlawly nagyşlama –nagyşlama işiniň çylşyrymly bu görnüşi ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty her aýda 300 tonna barabardyr.
“Ýedidogan nur” kompaniýasynyň marketing işleri boýunça direktory Hojaguly Hojagulyýew bar bolan mümkinçilikleri açyp görkezmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide kärhananyň kuwwatlyklarynyň ýokary derejede tanyşdyrylýandygyny belledi.
2014-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa önümçilikde halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanýar.