“Derýa ýoly” türkmen kärhanasy “Ekoston” haryt nyşany bilen daşdan kagyz öndürmäge girişdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhana her ýyl daşdan 5 müň 500 tonna kagyz öndürýär diýip, “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Kärhana öz önümini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli golaýda geçirilen sergide tanyşdyrdy. Owradylan mermer daşyna (kalsit) polimerleri goşmak arkaly daşdan kagyz alynýar. Önümçilikde ýerli, şeýle hem import çig mallaryndan peýdalanylýar.
Täze kagyz özüniň berkligi, suw geçirmeýändigi we solmaýandygy bilen tapawutlanýar. Her bir tonna üçin 10 müň tonna litre golaý suw we 20 sany agaç sarp edilýän adaty önümçilikden tapawutlylykda, täze usulda suw hem agaç hem ulanylmaýar.
Kärhana daşdan alnan kagyzdan depderleri, surat çekilýän albomlary, bukjalary, otkrytkalary, uly bolmadyk broşýuralary, mahabat we çaphana gollanmalary, bir gezeklik ulanylýan gaplary we kagyz torbalary taýýarlap çykarýar. Bu görnüşli kagyzlar azyk we senagat harytlar gaplanylanda hem-de etiketkalaryň önümçiliginde hem peýdalanylyp bilner.