TDHÇMB

“NesilCoffеe” sublimirlenen kofe önümçiligini ýola goýmakçy

BT
“NesilCoffеe” sublimirlenen kofe önümçiligini ýola goýmakçy
“NesilCoffеe” kärhanasynyň diwarlygy TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergide, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýewe degişli “NesilCoffеe” kärhanasy sublimirlenen kofe öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli 17 – 19-njy martda Aşgabatda geçirilen sergide kompaniýanyň hünärmeni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi. 

Sublimirlenen kofe – bu liofilizasiýa usuly arkaly alynýan ereme kofe görnüşidir. Önümçilik işinde gaýnadylan içgi ilkibaşda has pes temperaturada doňdurylýar, soň bolsa wakum şertde sublimirlenen kofäniň çyglylygy aýrylýar. Gaýtadan işlemekligiň şeýle usuly önümiň tagamyny we hoşboý ysyny mümkin bolan derejede saklamaga mümkinçilik berip, pürkmek usulynda guradylyp taýýarlanylýan adaty ereme kofe görnüşi bilen deňeşdirilende ony has ýokary hile eýe edýär. 

Kärhana eýýäm “Espresso”, “Intenso”, “Classic”, “La Crema”, “Special” ýaly 5 sany däneli kofe görnüşi hem-de “Caramel Latte”, “Vanilla Latte”, “Coffee Latte” we “Cappuccino” ýaly 4 sany hem ereme görnüşiň önümçiligini işe girizdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän döwrebap kärhanada Italiýadan we Germaniýadan getirilen enjamlar ornaşdyrylandyr. 

“NesilCoffеe” kärhanasynyň ereme kofesi, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Önümçilik üçin çig mal kofe däneleri Ýewropadan hem-de Efiopiýa, Tanzaniýa, Kolumbiýa we Gwatemala ýurtlaryndan getirilýär. Kärhana arabika we robust kofe dänelerini özboluşly utgaşdyrýar, hil derejä gözegçilik bolsa özbaşdak barlaghanada amala aşyrylýar. 

Önümçilik işi halkara standartlara laýyk gelip, önümler ISO 9001, ISO 22000 we “Halal” güwänamalary bilen sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna deňdir, geljekde bu görkezijini 10 müň tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. 

2017-nji ýylda esaslandyrylan “NesilCoffee” kärhanasy degişli önümçilikde öňdebaryjy orny okgunly eýeleýär. 2024-nji ýylyň oktýabrynda kärhana pudaga täze hil ölçegleri we innowasiýalary ornaşdyrmak bilen Türkmenistanda we Merkezi Aziýada kofe we kofe önümlerini öndürýän iri zawodlaryň birini işe girizdi. 

Mart 26, 2025