TDHÇMB

“Täze Aý” “Aşgabat” atly 30 kilogramlyk şöhlat önümini öndürdi

BT
“Täze Aý” “Aşgabat” atly 30 kilogramlyk şöhlat önümini öndürdi
“Täze Aý” kärhanasynyň diwarlygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

“Täze Aý” kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide täze önümini – göle we towuk eti garylyp taýýarlanylan “Aşgabat” atly 30 kilogramlyk şöhlatyny tanyşdyrdy.

500 adama niýetlenen önüm häzirlikçe satuwa goýberilmän, ol esasan restoranlaryň we toý dabaralaryny guraýjylaryň sargytlary boýunça taýýarlanylyp berilýär. Bu barada kompaniýanyň sosial ulgamlardaky hasabynda mälim edilýär.

Eti gaýtadan işleýän kärhanada ähli arassaçylyk-sanitar düzgünlerine hem-de et we et önümlerine bildirilýän “Halal” standartynyň talaplaryna berk eýerilýär.

Kompaniýa her gün önümçiligiň gerimini giňeldip, täze önümleri yzygiderli girizýär. Häzirki wagtda kärhana 500-e golaý azyk önümi, şol sanda towuk etinden we guş ýumurtgasyndan harytlary öndürýär.

Geçen ýyl telekeçi Begenç Orazow “Täze Aýyň” et we şöhlat hem-de ýarym taýýar önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze önümçilik toplumyny işe girizdi.

Mart 27, 2025