Aşgabatda Italiýanyň moda senagatyna bagyşlanan “Made in Italy” günleri geçiriler

BT
Aşgabatda Italiýanyň moda senagatyna bagyşlanan “Made in Italy” günleri geçiriler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde geçirilen moda görkezilişi, 2025-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

5 – 8-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde “Ashgabat Fashion Long Weekend” başlangyjyny öz içine alýan “Made in Italy” günleri geçiriler. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Bu çäre Italiýanyň Milli moda we senetçilik birleşmesiniň (CNA Federmoda) hem-de moda ulgamynyň bilermenleri Antonio Françeskiniň, Roberto Korbelliniň goldamagynda geçiriler. Onuň maksatnamasynyň çäklerinde dizaýn ugrundan okaýan talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny, moda senagatynyň hünärmenleri üçin döredijilik okuw maslahatlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 7-nji aprelde geçiriljek dizaýn eserleriniň görkezilişi çäräniň möhüm wakasyna öwrüler. Onda italiýaly dizaýnerler Klaudiýa Bellini we Mariýa Gloriýa Trewizani hem-de türkmen dizaýneri Jennet Agaýewa özleriniň işlerini görkezerler.

“CNA Federmoda” – bu “Made in Italy” haryt nyşany bilen ýokary derejeli moda önümleri öndürýän kiçi we orta kärhanalaryň milli birleşmesidir. Bu edara moda senagatyny goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen dürli taslamalara we başlangyçlara işjeň gatnaşýar.

2022