Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide “Nurly Energiýa Çeşmesi” kärhanasy “NEÇ” haryt nyşanly suwuk görnüşli täze ýuwujy serişdesini tanyşdyrdy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhananyň baş barlaghanaçysy Güljemal Gurbanmämmedowanyň bellemegine görä, täze serişde ak we reňkli egin-eşikleri ýuwmak üçin niýetlenendir. Bu önümler içerki we daşary bazarlara hem iberilýär.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän önümçilik toplumy himiki serişdeleriň 51 görnüşini, şol sanda enzimalary, egin-eşikler üçin hoşboý ys berijileri, sabynlary, suwuk ýuwujy we lybaslaryň reňkini durnuklaşdyryjy serişdeleri öndürýär.
Kärhana halkara hil dolandyryş (ISO 9001), daşky gurşawy goramak (ISO 14001), zähmeti goramak (ISO 45001) standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhana geljekde nebit we oba hojalyk pudaklary üçin suwuk himiki serişdeleri öndürmegi meýilleşdirýär.
2022-nji ýylda işe girizilen kärhana gysga wagtyň içinde meşhurlyk gazandy. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 6 müň tonna deňdir. Önümçilik işinde Türkiýeden we Ýewropa ýurtlaryndan getirilen häzirki zaman enjamlar ulanylýar.