Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi. Söhbetdeşler nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alnyşynda, gaýtadan işlenilişinde we iberilişinde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýelik edýändiklerini, munuň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýady üpjün edýändigini bellediler.
Döwletleriň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak bilen, söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşine kanagatlanma bildirdiler. Türkmenistanyň döwlet Baştutany ykdysadyýetiň pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, onuň diwersifikasiýa edilmeginiň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmeginiň milli ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bolmagynda galýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşygy boldy.