Moldowa Türkmenistan bilen energiýa serişdeleriň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär

BT
Moldowa Türkmenistan bilen energiýa serişdeleriň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär
Toýly Ataýewiň Ina Koşeru bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 2-nji apreli, Kişinew, Moldowa, (Surat: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň Daşary syýasat we ýewrointegrasiýa boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Ina Koşeru bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň barşynda Ina Koşeru energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen ilçisi geçen ýyl Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma Moldowanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň üstünlikli netijeleri barada durup geçdi.

Toýly Ataýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň alyp barýan işi barada gürrüň berdi hem-de ýurduň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalary bilen tanyşdyrdy.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Moldowa tarapy bu möhüm ähmiýetli çärä gatnaşmaga çagyryldy. Iki ýurduň arasynda diplomatik we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ilçisiniň Moldowa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Sergeý Harýa we wise-prezidenti Mihaý Bylba bilen duşuşygy boldy.

2022