Şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabatda beýan edilişi ýaly, degişli döwürde jemi içerki önüm 6,3 göterim ösdi. Ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda – senagatda 0,3 göterim, gurluşyk pudagynda 3,8 göterim, ulag-aragatnaşykda 11,1 göterim, söwdada 9,9 göterim, oba hojalygynda 4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Ýanwar – mart aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi hem 97,7 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýeriň hasabatynda mälim edilişine görä, Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,2 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17 göterim artdy.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 3 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.