Ýanwar – mart aýlarynda oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew şenbe güni geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 124,2 göterime barabar boldy. Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 147,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterim barabar boldy.
Sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleri – bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralma we beýleki bakja ekinlere ideg etmek bilen bir hatarda, pile öndürijileri ýüpek gurçuklary bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagyň we hilini gowulandyrmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem meýdan işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gözegçilikde saklamak wise-premýere tabşyryldy.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 3 aýynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi.