“NesilCoffee” kärhanasy tokaý hozy, pisse we kädi tagamly tiz ereýän kofäniň täze görnüşleri bilen önümleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem ýakyn wagtda Ýakyn Gündogar sebitiniň köp ýurtlarynda meşhur bolan ajaýyp tagamly adaty beduin içgisi – kardamonly “Karak” atly çaýy satuwa çykarar. Bu barada kärhananyň wekili Aşgabatda geçirilýän “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkada çarşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
“Karak” atly çaý süýtli, şekerli we esasy goşundysy kardamon bolan energiýa beriji içgi bolup durýar. Bu içgi aýdyň duýulýan özüneçekiji ysy we goýy reňki bilen tapawutlanýar.
“NesilCoffee-niň” önümçilik kärhanalary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Italiýadan we Germaniýadan getirilen enjamlar ornaşdyrylan döwrebap kärhana eýýäm “Espresso”, “Intenso”, “Classic”, “La Crema” we “Special” atly däneli kofeniň 5 görnüşiniň hem-de “Caramel Latte”, “Vanilla Latte”, “Coffee Latte” we “Cappuccino” atly ereýän kofeniň 4 görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.
Önümçilik üçin çig mal – kofe däneleri Ýewropadan, Efiopiýadan, Tanzaniýadan, Kolumbiýadan we Gwatemaladan getirilýär. Kompaniýa satyn alyş işini özi geçirip, arabika we robust kofeleriniň utgaşdyrylmagyny gazanýar. Önümlere hil gözegçiligi kärhananyň öz barlaghanasynda amala aşyrylýar.
“NesilCoffee” kärhanasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu ýerde sublimirlenen kofe öndürmek hem meýilleşdirilýär.