Hristian-demokratik partiýasynyň we Hristian-durmuş bileleşiginiň ýolbaşçysy Fridrih Mers 6-njy maýda Bundestagda geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça Germaniýanyň täze federal Kanslerligine saýlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Ses berişligiň ikinji tapgyrynda F.Mersi 325 deputat goldady. Munuň özi oňa zerur bolan iň az 316 sesden aňry geçmäge mümkinçilik berdi. Şol gün biraz öňräk geçirilen birinji ses berişlik tapgyrynda ol 310 ses toplady. Bu täze wezipä tassyklanylmak üçin ýeterlik bolmady.
23-nji fewralda möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlaryndan soň täze Hökümeti emele getirmäge ýol açyldy. Onda Hristian-demokratik partiýasy we Hristian-durmuş bileleşigi has köp mandat sanyna eýe boldy.
Aýgytlaýjy ses berişligiň öň ýanynda, ýagny 5-nji maýda Germaniýanyň Hristian-demokratik partiýasy we Hristian-durmuş bileleşigi bileleşik ylalaşygyny baglaşyp, parlamentda has köp orun almak we F.Mersiň Kanslerlige saýlanmagy üçin resmi esaslary döretdiler.