Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda güýjenmesi 220, 110, 35 we 10 kW bolan täze elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. 9 gektar çäkde gurlan desga halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Watan” habarlar gepleşiginde şenbe güni habar berilmegine görä, elektrik bekedinde kuwwaty 125 megawolt-amper bolan iki transformator hem-de 45 we 25 megawolt-amperlikleriň hem hersinden iki transformator oturdyldy.
Gurluş düzümi 220, 110 we 25 kW kuwwatlykly açyk paýlaýyş düzümi hem-de 10 kW-lyk bir ýapyk paýlaýyş geçirijisi bilen üsti ýetirildi.
Açylyş dabarasynyň çäklerinde desganyň hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag tehnikalary sowgat berildi.