Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti geçi süýdünden täze önümleri öndürmäge taýýarlyk görýär. Tebigylyk we adam saglygyna peýdalylyk talaplary göz öňünde tutulyp işlenilip taýýarlanylýan önümler ýakyn wagtda içerki bazara satuwa goýberiler diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Maldarçylyk hojalygynyň önümçilik düzümi yzygiderli ösdürilýär. Hojalykda tohumçylykdan we iým binýadyndan başlap, süýdi gaýtadan işlemäge we taýýar önümleri öndürmäge hem-de olary gaplamaga çenli ähli işler ýapyk aýlanyşykda amala aşyrylýar. Taýýar önümler içerki bazarlara ýerlenilýär.
Maldarçylyk hojalygy her gün süýdüň 5,5 tonnasyny gaýtadan işleýär. Peýnir, ýumşak peýnir, aýran, pastezirlenen süýt we beýleki turşumtyk süýt önümleri öndürilýän harytlaryň görnüşleriniň hataryna girýär. Ähli önümler daşary ýurtlaryň enjamlary ulanylyp öndürilýär. “Sahabatly” kärhanasynyň işgärleriniň nygtaýşy ýaly, geçi süýdünden taýýarlanyljak önümler önümçiligiň görnüşleriniň gerimini giňeltmekde nobatdaky ädim bolar.
Kärhana durnukly maldarçylyk hojalygyny ösdürmek maksady bilen özbaşdak iým binýadyna möhüm ähmiýet berýär. Hojalykda suwy az sarp edýän ýorunja, mekgejöwen, siloslyk jöwen, amarant ýaly ot-iýmlik ösümlikler ýetişdirilýär. Mekgejöwen ekilýän ýerleriň 200 – 300 gektardan 50 – 100 gektara çenli azaldylmagy suwuň sarp edilişini azaltmaga ýardam etdi. Bu ýerde raps hem ýetişdirilip, onuň garyndysy mallaryň iýminde ulanylýar.
“Sahabatly” maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylyň 25-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy.