Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Ulan-Batorda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen geçirilen resmi gepleşikleriň dowamynda mongol kärdeşini BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” şanyna we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga Aşgabat şäherine çagyryldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany mongol tarapyny şu ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlary, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldylar. Taraplar ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistan we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherinde Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.