Türkmenistan we Filippinler Respublikasy energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Filippinler Respublikasy energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 5-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy)

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Geçirilen duşuşykda Filippinler tarapyna Filippinler Respublikasynyň Energetika departamentiniň Energetika syýasaty we taslamalaşdyryş býurosynyň direktory Maýkl Sinokrus ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda Filippinler Respublikasynyň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýy, geljekki ösüş meýilnamalary we halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Türkmen tarapy bolsa ýurduň uglewodorod we himiýa serişdelerini özleşdirmekde alnyp barylýan döwlet maksatnamalary, energetika we himiýa senagatlarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bu gatnaşyklaryň geljekde hem yzygiderli dowam etdirilmegine we degişli ugurlar boýunça bilelikdäki teklipleriň taýýarlanylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

2022