“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri 1 million 278 müň 817 tonna nebit çykaryldy. Bu barada “Nebit-Gaz” gazetinde sişenbe güni habar berilýär.
Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 57 müň 246 metr ulanyş we 16 müň 51 metr gözleg guýulary gazyldy.
Meýdançalarda burawlaýyş işlerini alyp barýan kärhanalary “Burnebitgazhyzmat” müdirligi degişli turbalar bilen wagtly-wagtynda üpjün edip durdy. Müdirlikde göterijiligi 12,5 tonna bolan köpri-kranlaryň, 12 tonnadan 25 tonna çenli agyrlykdaky ýükleri götermäge ukyply kranly awtoulaglaryň, turbalary daşamak üçin ýöriteleşdirilen kuwwatly awtoulaglaryň birnäçesi bökdençsiz işledilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, “Burnebitgazhyzmat” müdirligi Körpeje, Ekerem, Goturdepe, Nebitdag buraw işleri müdirliklerini buraw we oturtma turbalary, agyrlaşdyrylan buraw turbalary, dörtburç alyp baryjy buraw turbalary, buraw we oturtma turbalary geçirijiler, ters klapanlar, başmaklar bilen yzygiderli üpjün edip durýar.