Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki “Türkmençarwa” hususy kärhanasynda “NU-NA” haryt nyşanly hojalyk sabynyny öndürýän täze bölüm işe başlady. Bu barada “Türkmenistan” gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Kärhana häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar arkaly pagta çigidini gaýtadan işläp ondan çigit ýagyny öndürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda bu ýerde arassa, ýokary hilli pagta ýagynyň 3 tonnadan gowragy öndürildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu hususy düzümde önümleriň galyndysy gaýtadan işlenilýär. Tehnologik taýdan ýagy alnan pagta çigitlerinden künjara, harpyk öndürilýär.
Kärhananyň ikinji bölüminde gaýtadan işlenilýän pagta çigidiniň galyndylaryndan taýýarlanylýan hojalyk sabynlary öý şertlerinde kir ýuwmak, arassalamak işlerinde örän amatly bolup durýar. Kärhananyň bu bölüminde her gün agramy 130 grama barabar hojalyk sabynlarynyň 8 müň sanysy, 230 gram agramdaky sabynlaryň hem 4 müňüsi öndürilýär.
Häzir kärhanada öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmek boýunça degişli işler geçirilýär.