“Lebapobahyzmat” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Türkmenabat abatlaýyş zawodynda şu ýylyň bäş aýynda 1 million 483 müň manatlyk çoýny, alýuminiýni, plastmassany eredip guýmak arkaly ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.
Şol sanda zawodyň mehaniki abatlaýyş bölüminde 808 müň manatlyk, bejeriş bölüminde 618,5 müň manatlyk, guýujy önümhanasynda 56,5 müň manatlyk iş ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 104,9 göterime deň boldy.
Kärhana 1930-njy ýyldan bäri hereket edip, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamakda we dikeltmekde netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenabat abatlaýyş zawody boýunça şu ýylyň dowamynda 3 million 520 müň manatlyk işi ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.