“Polyyarn” haryt nyşany bilen ýokary hilli polipropilen ýüplükleri öndürýän Türkmenistanyň “Abrayly Dostlar” hususy kärhanasy “Techtextil North America 2025” halkara sergisine gatnaşdy. Sergi ABŞ-nyň Atlanta şäherinde geçirilip, Demirgazyk Amerika bazarynda türkmen polipropilen ýüplügi ilkinji gezek tanyşdyryldy.
Kompaniýanyň diwarlygy ABŞ-dan, Latyn Amerikasyndan we Ýewropadan gelen hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar polipropilen ýüplügiň tehniki dokma önümlerinde ulanylyş mümkinçiliklerine üns berdiler. “Polyyarn” önümleri ýokary berkligi, ýeňilligi, ultramelewşe şöhlelerine çydamlylygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Kompaniýanyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek isleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirdiler we senagat synaglary üçin olara ýüplük nusgalaryny gowşurdylar.
Şeýle hem “Abrayly Dostlar” kompaniýasynyň wekilleri sergä gatnaşýan beýleki kompaniýalaryň diwarlyklaryna baryp gördüler we daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, sergä gatnaşmak eksport ugurlaryny giňeltmekde we tehniki dokma bazarynda halkara derejesinde orny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
“Techtextil North America” – dokma pudagy boýunça dünýäde iň iri ýöriteleşdirilen sergileriň biri bolup durýar. Bu ýylky çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan dokma önüm öndürijileri, üpjün edijileri we sarp edijileri bir ýere jemledi.